Türkmenistan we Hytaý bilelikdäki çärelere taýýarlyk meselelerine garadylar

Türkmenistanyň DIM-i
Türkmenistan we Hytaý bilelikdäki çärelere taýýarlyk meselelerine garadylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen dușuşygy, 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen dușuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler "Merkezi Aziýa – Hytaý" formatyndaky hyzmatdaşlygyň netijeligini bellediler. Şu ýyl meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk meselelerine hem garaldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň DIM-i

2022