Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Sarahs bölüminiň täze edara binasy açyldy

BT
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Sarahs bölüminiň täze edara binasy açyldy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Sarahs etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyş dabarasy (Surat: migration.gov.tm)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň düzüm birliklerinde hem döwrebap derejede enjamlaşdyrylan täze edara binalary we ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda ýurdumyzda giňden toýlanjak Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Sarahs etrap bölüminiň täze döwrebap edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. 

Bu täze binanyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we gullugyň işgärleri gatnaşdylar. Watan goragçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan watançylyk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dabara gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygynyň belent derejelere ýeten eýýamy biziň özygtyýarly döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornunyň hemmetaraplaýyn pugtalanmagyna, mähriban Watanymyzyň abraýynyň we şöhratynyň artmagyna mynasyp goşant goşmak Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň her bir işgäri üçin mukaddes borçdur diýip bellediler.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän oňyn ýörelgelere hem-de öňdebaryjy usullara daýanýan düýpli özgertmeler alnyp barylýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem bu täze edara binada harby gullukçylaryň sanly ulgamyň hyzmatyndan giňden peýdalanyp, raýatlarymyza döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermegi üçin tehniki enjamlar bilen doly üpjün edilmegidir.

Halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022