Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekdäki wezipeleri kesgitledi

TDH
Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekdäki wezipeleri kesgitledi
Türkmenistanyň Halk Maslahaty, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde uly wezipeler durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwerlik kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmegi hem-de ylmy taýdan beýan etmegi, Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmünde ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologiýa, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegi möhüm hasap edýärin diýip, Gahryman Arkadygymyz belledi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa – döwlete gulluk edýär. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwletimiziň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy pugtalanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy, ykdysady, medeni galkynyşlara, şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri bolup taryha girjekdigine berk ynam bildirdi.

 

Çeşme: TDH

2022