Türkmenistanyň Prezidenti: 2024-nji ýylda 38,5 milliard manat maýa goýumlar özleşdiriler

TDH
Türkmenistanyň Prezidenti: 2024-nji ýylda 38,5 milliard manat maýa goýumlar özleşdiriler
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sişenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri kesgitleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Biz döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Sebit we milli derejedäki maýa goýum taslamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz golaýda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döredendigini belledi. Biz geljekde hem maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işlerimizi dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Biz ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaklary üçin berilýän ýeňillikli karz we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberini yzygiderli artdyrýarys. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, goşmaça durmuş ýeňilliklerini döredýäris. Bu taryhy özgertmeleriň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu üstünlikler “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen syýasatymyzyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

 

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022