Türkmenistan we Pakistan üstaşyr söwdada hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajyplygyny bellediler

BT
Türkmenistan we Pakistan üstaşyr söwdada hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajyplygyny bellediler
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň federal söwda ministri Jam Kamal Hanyň arasyndaky duşuşyk, 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabr, Yslamabat

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow geçen hepde Yslamabat şäherinde Pakistanyň federal söwda ministri Jam Kamal Han bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we üstaşyr söwda ulgamynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde işjeň gatnaşyk etmegiň wajyplygy  bellenildi. 

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Soňra, möhüm ylalaşyklary gutarnykly ýerine ýetirmäge we geljekki hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary öwrenmäge aýratyn üns berildi. 

2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň federal nebit ministri Musadik Masud Maliki ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022