Türkmenistan we Serbiýa söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Serbiýa söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Serbiýanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi, 2024-nji ýylyň 26-njy sentýabry, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Serbiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Marko Juriç bilen duşuşdy. Onuň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we geljekki hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýady kämilleşdirmäge bolan özara tagallalary beýan etdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Serbiýanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi duşuşygyň möhüm netijesi boldy.

Şol gün Raşid Meredow Çehiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen hem duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022