Türkmenistanyň daşary işler ministri penşenbe güni Nýu-Ýorkda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşdy. Duşuşykda Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak hem-de serhetüsti ykdysady işjeňligi goldamak ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmuny boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar energetika, ulag, aragatnaşyk, söwda-ykdysady arabaglanyşyk, sanly ulgam we medeni gatnaşyklar ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna aýratyn üns bermek bilen Türkmenistan bilen YHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini bellediler. Şeýle hem ÝHHG-niň çäklerinde halkara hukuk binýadyny berkitmegiň zerurdygy nygtalyp, Guramanyň işgärler mümkinçiliklerinde Türkmenistanyň goşandy maslahatlaşyldy.
Innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýan Arkadag şäheriniň halkara ykrarnamasyna aýratyn üns çekildi. YHG-niň Baş sekretary Guramanyň howandarlygynda Arkadag şäherinde durnukly ösüşe gönükdirilen ýokary derejeli çäreleri geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, duşuşykda YHG-niň gatnaşmagynda öňde boljak çärelere taýýarlyk görmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Şol gün Raşid Meredow Çehiýa Respublikasynyň Çehiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ýan Lipawksi bilen hem duşuşdy.