Türkmen wekilýeti Zenewadaky şäher häkimleriniň “Geljegiň şäherleri” sammitine gatnaşdy

BT
Türkmen wekilýeti Zenewadaky şäher häkimleriniň “Geljegiň şäherleri” sammitine gatnaşdy
“Geljegiň şäherleri” atly şäher häkimleriniň sammiti, 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 1-nji oktýabry. Ženewa, Şweýsariýa

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan 30-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda Ženewa şäherinde guralan “Geljegiň şäherleri” atly şäher häkimleriniň sammitinde türkmen wekiliýeti iki möhüm mesele – suw serişdelerini dolandyrmak we şäherli ýaşlary goldamak boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we komunikasiýalar agentligi sişenbe güni habar berdi.

Awaza etrabynyň häkimi Döwlet Jumaýew BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň howandarlygynda suw serişdelerini dolandyrmak üçin täze hukuk guralyny döretmek baradaky teklibi hödürledi. Ol şeýle hem Arkadag “akylly” şäherinde halkara ýaşlar duşuşygyny guramagy teklip etdi.

Habarda bellenilişine görä, bu başlangyçlar durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Jumaýew özüniň çykyşynda şäherleri durnukly ösdürmek ulgamynda Türkmenistanyň gazananlary barada aýdyp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän taslamalary belledi. Ol şeýle hem möhüm innowasion taslama hökmünde Arkadag “akylly” şäheri bilen tanyşdyryp, “Awaza” syýahatçylyk zolagy barada gürrüň berdi we olaryň ýurduň ösüşi üçin ähmiýetlidigini nygtady.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň guran “Geljegiň şäherleri” atly şäher häkimleriniň sammiti howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň azalmagy ýaly ählumumy wehimler, sanlylaşmak we şäherleşmek şertlerinde şäherleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin ähmiýetli halkara meýdança boldy. Bu çäre dünýäniň ähli ýerinden şäher häkimlerini, taslama düzüjileri we bilermenleri bir ýere jemledi. Olar tejribeleri bilen paýlaşyp, geljegiň durnukly, “akylly” we oňaýly şäherlerini döretmek üçin bilelikdäki çözgütleri maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022