Türkmenistan-ABŞ: bilim ulgamyna TOEFL, GRE, “Praxis” synaglaryny ornaşdyrmak maslahatlaşyldy

BT
Türkmenistan-ABŞ: bilim ulgamyna TOEFL, GRE, “Praxis” synaglaryny  ornaşdyrmak maslahatlaşyldy
Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň wekilleri bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabry, Waşington, ABŞ

Bilim ministriniň orunasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti duşenbe güni ABŞ-nyň Waşington şäherinde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Saparyň dowamynda standartlaşdyrmak, synaglary geçirmek we sertifikatlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri, şol sanda TOEFL, GRE hem-de “Praxis” ýaly standart synag ulgamlary maslahatlaşyldy.

Saparyň esasy maksady Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň binýadynda ikitaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. ABŞ-nyň Döwlet departamentinde bolan duşuşygyň dowamynda wekiller akademiki bahalandyryş we uniwersitetleri hasaba almak üçin çarçuwaly binýady döretmegi maslahat etdiler. Amerikan tarapyna Günorta we Merkezi Aziýa sebit meseleleri boýunça býurosynyň metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy müdirliginiň direktorynyň orunbasary Temmi Palçikow hem-de Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň hem-de ABŞ-nyň Bilim ministrliginiň wekilleri wekilçilik etdi.

Pikir alyşmalarda okaýanlaryň ýetişikligini bahalandyrmagyň usulyýetlerine we Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin halkara hasaba alyş strategiýasyna aýratyn üns berildi. Bilim bermek işini dolandyrýan ýolbaşçylar we mugallymlar üçin okuw maslahatlary guramagyň mükinçiliklerine hem garaldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň şeýle hem Bilim synag gullugynyň (ETS) hökümet we daşary gatnaşyklar boýunça dirketory Şennon Litton bilen bu guramanyň Waşingtondaky edarasynda duşuşygy boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanda sertifikatlaşdyrylan synag merkezlerini açmak mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, wekiliýet agzalary “AC Languages” mekdebiniň ýolbaşçylary – baş direktor Anheles Çawes we ýerine ýetiriji direktor Elias Alonzo bilen gepleşikleri geçirdi. “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň edarasynda geçen duşuşyk dil öwreniş maksatnamalaryny giňeltmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlandy.

Türkmenistanyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen duşuşyklaryň ählisi netijeli we dostlukly häsiýetde geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022