Türkmenistan döwlet emlägine degişli 41 desgany bäsleşikli söwda çykardy

BT
Türkmenistan döwlet emlägine degişli 41 desgany bäsleşikli söwda çykardy
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet emlägine degişli 41 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwda yglan etdi.

Hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläginiň sanawy “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde penşenbe güni çap edildi. Bäsleşikli söwda 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döwlet emläginiň sanly söwda paltformasynda onuň mobil goşundylaryny ulanmak arkaly geçiriler.

Bäsleşikli söwda çykaryljak iri desgalaryň  hatarynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Berzen geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän, meýdany 3 müň 967 inedördül metr bolan kerpiç zawody, Lebap welaýatyndaky “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi (meýdany 8 800 in.metr) we iki gatly bina, şeýle hem Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 400 in.metr) bar.

Bäsleşikli söwda hyzmatlar ulgamynyň desgalary, şol sanda dükanlar, kafeler, naharhanalar, edara ediş desgalary we önümçilik kärhanalary hem çykarylar.

Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki şahslary göz öňüne tutulan kanunçylyk tertibine laýyklykda gatnaşyp bilerler.

Bäsleşikli söwda gatnaşmagyň tertibi barada maslahatlar we hususylaşdyrylýan desgalar barada goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we bu ministrligiň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär. 

2022