Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilişiniň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär

BT
Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilişiniň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry, Moskwa, Russiýa

Türkmenistan energetika ulgamynda GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu ýerde gürrüň çig mallaryň we elektrik energiýasynyň iberilişi barada barýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisinde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany “ýaşyl” ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmeginiň, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterleriniň kemala getirilmeginiň möhümdigini belledi. Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynda bar bolan ylmy-tehnologik mümkinçilikleri herekete getirip, bilelikdäki ylmy-barlag hyzmatdaşlygy üçin şertleri döredip, bu wezipäni durmuşa geçirmäge häzirden girişmegiň geljeginiň uludygyny belledi. 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Baştutany Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de durmuşa geçirmäge, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda wajyp meseleleri çözmäge açykdygyny tassyklap, netijeli başlyklyk edendigi üçin Russiýa minnetdarlyk bildirdi. 

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Moskwa geldiler. 

Sammit jemleýji resminamalara, şol sanda GDA-da 2025-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň başlyklyk, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirmegi hakynda çözgüde gol çekilmegi bilen tamamlandy. 

2022