Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabatda mongoliýaly kärdeşi Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy. Iki ýurduň Liderleriniň duşuşygynyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meseleleri maslahatlaşyldy, gepleşikleriň ahyrynda bolsa, birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekemek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda birnäçe möhüm resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň hökümetleriniň arasynda howa we halkara awtomobil gatnawlary hem-de weterinariýa, maldarçylyk we azyk, oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekildi.
Mundan başga-da, medeniýet hyzmatdaşlygy, syýahatçylyk babatda hem-de iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnamalar baglaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.