Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $805,4 milliondan geçdi

BT
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $805,4 milliondan geçdi
Özbegistandaky gözegçilik-geçiriş nokady (Surat: Xabar.uz)

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 805,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 727,1 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 78,3 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň degişli döwürdäki umumy daşary söwda dolanyşygy 42,7 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2.7 milliard ABŞ dollary möçberinde ýa-da 6,6 göterim ýokarlandy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 455 million ABŞ dollaryna deň boldy

2022