Awstriýanyň kompaniýasy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

BT
Awstriýanyň kompaniýasy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Awstriýanyň kompaniýasy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň tehniki enjamlaşdyrylyşy we mümkinçilikleri bilen tanyşýar, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Awstriýanyň “M.&D. Gerther Ges.m.b.H” kompaniýasy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşyga gyzyklanma bildirdi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Aleksandr Masinger Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna saparynyň çäklerinde mälim etdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, kompaniýa portda ulanylýan enjamlar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmäge gyzyklanma bildirdi. 

Şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň wekilleriniň uly toparynyň 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana saparyny meýilleşdirmek teklip edildi. 

Mundan başga-da, awstriýa tarapy deňiz portunyň tehniki enjamlaşdyrylyşy we mümkinçilikleri bilen tanşyp, onuň infrastruktura gurluşyna ýokary baha berdiler. 

“M.&D. Gerther Ges.m.b.H” – bu Awstriýanyň senagat enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmäge ýöriteleşen kompaniýasydyr. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022