Türkmenistan bilen Günorta Koreýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar

BT
Türkmenistan bilen Günorta Koreýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar
Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň duşuşygy, 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Gepleşikler Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň “С5+1” görnüşdäki ikinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk hem-de howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleler gozgaldy.

Taraplar yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berýändigini nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýän parlamentara gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem şol gün Aşgabatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

2022