Türkmenistan Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ähliumumy birleşmä goşuldy

BT
Türkmenistan Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ähliumumy birleşmä goşuldy
Türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabry, Ženewa

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi bilen duşuşdy. Onuň barşynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň howandarlygynda döredilen Raýatsyzlyk boýunça ählumumy alýansa Türkmenistanyň goşulýandygy hakynda resmi ýüztutmasy gowşuryldy. 

Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, F.Grandi häzirki döwrüň iň möhüm ähmiýetli ynsanperwer meseleleriniň birini çözmek boýunça ählumumy başlangyçlarda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň görýän çärelerine ýokary baha berdi. Ol ýurduň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna minnetdarlyk hatyny gowşurdy. F.Grandi Türkmenistanyň beýleki döwletleri şeýle işlere ruhlandyryp biljek nusgadygyny belledi. 

A.Sazakow Filippo Grandini we onuň toparyny 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek raýatsyzlyk meseleleri boýunça sebit maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäre tejribe alyşmak we raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça meýilnamalary işläp taýýarlamak üçin meýdança bolar. 

Duşuşykda taraplar raýatsyzlyk meselelerini çözmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar. A.Sazakow Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda uly işleriň alnyp barlandygyny, şol sanda 2024-nji ýylyň sentýabrynda raýatlygy bolmadyk müňden gowrak adama raýatlygyň berlendigini aýtdy. Munuň özi BMG-niň “#IBelong” maksatnamasynyň çäklerinde möhüm waka boldy. Türkmenistan bu maksatnamanyň maksatlaryny ilkinjileriň biri bolup ýerine ýetirip, ynsanperwerlik boýunça halkara borçnamalara ygrarlydygyny tassyklady. 

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň bosgunlaryň goraglylygy boýunça kömekçisi Ruwen Menikdiwela bilen duşuşdy. Ol ynsanperwer ulgamda Türkmenistanyň uly üstünlikleri gazanandygyny nygtap, sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm meýdança boljak öňde boljak sebit maslahatyna özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022