Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekligi meýilleşdirýär

BT
Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekligi meýilleşdirýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabry, Yslamabat, Pakistan

Häzirki wagtda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýumlar ýaly ulgamlarda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň çarşenbe güni Pakistanda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda nygtady. 

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bilelikdäki taslamlary, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. 

Türkmen tarapy şeýle hem Hazar deňziniň gündogar kenarýakasyndan geçýän hem-de Türkmenistany Eýran we Hindistan bilen baglanyşdyrýan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem bu geçelgäniň sebitde söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigi bellenildi. 

Mejlisiň dowamynda söwda dolanyşygyny ösdürmek we gatnaşyjy ýurtlaryň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýeti medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy ösdürmekde has möhüm orun eýeleýändigini belledi. 
 
R.Meredow türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp golaýda Aşgabatda geçirilen halkara foruma gatnaşandyklary üçin ŞHG ýurtlarynyň wekillerine hoşallyk bildirdi. 

2022