Aşgabatda bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi

BT
Aşgabatda bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň banneri, 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Täjigistanyň wekiliýetine ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary Sulaýmon Ziýozoda başlyklyk etdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, mejlisde söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berildi. 

Çärä gatnaşyjylar söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň, hususan-da, energetika, ulag, logistika, oba hojalygy we senagat ýaly ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. 

Mundan başga-da, işewür toparlaryň arasynda gatnaşyklary has-da berkitmegiň möhümdigi, yzygiderli geçirilýän bilelikdäki çäreleriň işewür gatnaşyklary ösdürmäge şert döredýändigi bellenildi. 

Iki ýurduň wekilleri uzakmöhletleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak meselelerine hem garadylar. 

Medeni hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalarda möhüm orun eýeledi. Hususan-da, iki ýurtlaryň arasynda Medeniýet günleriniň we beýleki döredijilik çäreleriniň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Taraplar şeýle-de saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp, maslahatlaşdylar. 

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022