Türkmenistan bilen Hytaý “Luban” ussahanasyny döretmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

BT
Türkmenistan bilen Hytaý “Luban” ussahanasyny döretmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistan bilen Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň arasynda “Luban” ussahanasyny bilelikde döretmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy, 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabry

Türkmenistan bilen Hytaýyň Şensi welaýaty “Luban” ussahanasyny döretmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. 

Bu taslama bilim ulgamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sian Şiýu uniwersiteti hem-de Hebeýiň nebit tehnologiýalary uniwersiteti bilen baglaşan ylalaşygynyň çäklerinde Hytaýyň Halkara alyşmak boýunça bilim birleşigi we “CNPC” kompaniýasy Türkmenistanda ussahana açar. 

Bu ussahana geologiýa barlaglar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda akademiki we akademiki däl bilimleri bermäge üns berer. Mugallymlaryň we talyplaryň özara saparlary, ylmy gözlegleri we maglumatlary alyşmagy meýilleşdirilýär.
 
Bu magistr, bakalawr we hünärmen bilimlerini hödürleýän dünýädäki ilkinji “Luban” ussahanasy bolar. Hytaýyň Bilim minisrligi tarapyndan goldanylýan bu taslama bilimi önümçilik bilen utgaşdyrmaga hem-de hytaý tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

2022