Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda (TDHÇMB) “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Täjigistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 561 müň dollaryndan gowrak bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen, nah ýüplük we nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 91 müň manatdan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy.