Gazagystan türkmen gazyny import etmek mümkinçiligini öwrenýär

BT
Gazagystan türkmen gazyny import etmek mümkinçiligini öwrenýär
Gazagystanyň “QazaqGaz” milli gaz kompaniýasy

Gazagystan Türkmenistandan tebigy gaz import etmek mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi. 

Gazagystanyň “QazaqGaz” milli gaz kompaniýasy ibermeleriň möçberiniň söwda we tehniki şertleriň esasynda kesgitleniljekdigini mälim etdi. 

“QazaqGaz” milli gaz kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasyndaky hyzmatdaşlyk birnäçe başlangyçlary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, bilelikdäki geologiýa gözleglerini amala aşyrmak üçin iki ýurduň hem geljegi uly bolan ýerleri barada maslahatlaşmalar göz öňünde tutulýar. Bu ugurda öňde duran işleri durmuşa geçirmek üçin degişli maýa goýum ylalaşyklarynyň gol çekilmegi zerurdyr.
  
Häzirki wagtda Gazagystan içerki gaz bazaryny ýurtda bar bolan çeşmeler bilen üpjün edýär we sarp edişiň ýokarlanan döwründe import etmäge mejbur bolýar. “QazaqGaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sanžar Žarkeşow ýakyn 10-15 ýylyň içinde ýurtda gazyň sarp edilişiniň iki esse ýokarlanyp biljekdigini belledi. 

Mundan öň Türkmenistan bilen Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekipdiler.

2022