Kawkazyň biosfera goraghanasy Russiýada ýitip barýan görnüşleri köpeltmegiň üstüni dolmak üçin Türkmenistandan we Pakistandan ýabany barslary getirmek mümkinçiligini öwrenýär.
Bu barada Soçiniň milli seýilgähiniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Sergeý Şewelew “Sirius” uniwersitetinde tebigaty goramak boýunça geçirilen maslahatda mälim etdi. Bu barada “TASS” habarlar agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, Günbatar Aziýa barsyny köpeltmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde iki ýurt bilen gepleşikler üç aý mundan öň başlandy. XX asyra golaý döwürde aşa awlanylmagy netijesinde bu görnüşli barslaryň sany ep-esli azaldy we Kawkaz sebitinde düýbünden ýitip ýok boldy.
Seýrek duş gelýän ýabany haýwany öňki gurşawa gaýdyp getirmek üçin Russiýanyň tebigy serişdeler we ekologiýa ministrligi bu görnüşi dikeltmek boýunça maksatnamany öňe sürdi. Prezident Wladimir Putiniň goldamagy netijesinde Soçiniň milli seýilgähinde bolsa bu babatda ýörite merkez döredildi.