Donald Tramp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 47-nji prezidentligine saýlanylyp, möhüm ähmiýetli Wiskonsin ştatynda gazanan ýeňşi bilen amerikan syýasatyna taryhy gaýdyp gelmek maksadyny tamamlady. “Associated Press” habarlar gullugy çarşenbe güni Gündogar wagty bilen irden sagat 5:34-de ony ýeňiji diýip yglan etdi.
Wiskonsin ştatynyň saýlawçylarynyň aglaba köplüginiň sesini almak ugrunda wise-prezident Kamala Harris bilen bolan göreşde 10 saýlawçynyň sesi D.Trampa zerur bolan 270 sese ýetmekde aýgytlaýjy çözgüt boldy. Dalaşgärleriň ikisi hem bu ştata strategik taýdan möhüm ýer hökmünde garap, saýlaw möwsüminde aýratyn üns berdiler.
Şu gezekki prezidentlige saýlanylmak möwsümi Respublikaçylar partiýasyndan bolan dalaşgär üçin üçünji möwsümdir. 2016-njy ýyldaky saýlawlarda gazanan ýeňşinden we ygtyýarlyk wezipesini 2020-nji ýylda Jo Baýdene geçirenden soň, saýlawçylar döwlet Baştutanynyň wezipesini ýene oňa ynandylar.
Wiskonsindäki ýeňiş Respublikaçylar partiýasy üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. 2016-njy ýylda D.Tramp Ronald Reýgandan soň bu partiýadan bolan, adatça demokratiýaçylary goldaýan bu ştatda ýeňiş gazanan ilkinji dalaşgär boldy. Ol dört ýyl mundan öň, ses sanawy boýunça J.Baýdenden yza galypdy.