ABŞ ekologiýa babatda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi

BT
ABŞ ekologiýa babatda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Jeffri Paýett bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy, 2024-nji ýylyň 7-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) Ählumumy metan borçnamasyna goşulan wagtyndan bäri howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi. 

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Jeffri Paýett Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygynda aýtdy. 

J.Paýett ekologiýa taslamalarynda “Tetrotech” we “Deloitte” kompaniýalary bilen işleriň üstünlikli alnyp barlandygyny nygtady. 

Baku şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 29-njy maslahatynyň (COP 29) öňüsyrasynda diplomatlar bu çäräniň gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. 

Mundan başga-da, söwda, energetika we ulag logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek boýunça ylalaşdylar. 

2022