Türkmenistan ykdysadyýetiň pudaklaryna 40,1 milliard manat maýa goýmagy meýilleşdirýär

BT
Türkmenistan ykdysadyýetiň pudaklaryna 40,1 milliard manat maýa goýmagy meýilleşdirýär
Türkmenistandaky dokma toplumda önümçilik işi

Türkmenistan 2025-nji ýylda ykdysadyýetiň ösüşine 40,1 milliard manat maýa goýumlary gönükdirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada ykdysady we maliýe meseleler boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maglumat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanylan Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanyşy barada hem hasabat berdi.

Baş maliýe resminamasy iri özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge we milli ykdysadyýetiň kuwwatlayklaryny berkitmäge gönükdirilendir.

Makroykdysady durnuklulygy goldamak geljek ýylyň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Önümçilik kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmaga we ýurduň sebitlerini ösdürmäge iri maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

2025-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy aýlyk, pensiýa, talyp haklaryny we kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen resminamany makullap, Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürledi.

Hökümet mejlisinde ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022