Türkmenistan bilen Gruziýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Gruziýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
DIM HGI-niň we Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen maslahat, 2024-nji ýylyň 20-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda çarşenbe güni Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň hünärmenleriniň we wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň gatnaşan bu çäresi bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Maslahat Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetini görkezdi. Munuň özi köpsanly wezipeleriň çözülmegine we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga şert döreder. Maslahatlaşmalaryň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi bolan halkara bilim edaralary we ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini bellediler.

Maslahatyň dowamynda professor Öwezdurdy Muhammetberdiýew bilen alym Badri Naçkebiýa we müdir Indira Dzaganiýa iki ýurduň arasynda bilim hem-de ylmy-barlag mümkinçilikleri giňeltmek boýunça özara pikir alyşdylar. Geljekki halkara hünärmeleri taýýarlamagyň möhüm bölegi hökmünde onlaýn okuwlara aýratyn üns berildi.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň bilim babatdaky hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm ädim bolan bu duşuşyk iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açdy.

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Tbilisi şäherindäki Suhumi döwlet uniwersitetinde beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragy adyndaky okuw otagynyň açylyş dabarasy geçirildi.

2022