Türkmenistan bilen BAE ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakçy

BT
Türkmenistan bilen BAE ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakçy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al-Nahaýýan bilen duşuşygy, 21-nji noýabr, Abu-Dabi (Surat: WAM)

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) ykdysadyýet, söwda, maýa goýum we energetika ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garadylar.

BAE-niň resmi habarlar agentliginň habar bermegine görä, bu meseleler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al-Nahaýýan bilen penşenbe güni Abu-Dabi şäherinde bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşiklere BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl bin Mohammed Al-Mazrui hem-de döwlet ministri Ahmed bin Ali Al-Saýeg hem gatnaşdy.

BAE-niň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen wekiliýetiniň saparyny mähirli mübärekläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde munuň strategik ähmiýetini belledi. Duşuşygyň dowamynda Şeýh Abdulla döwletleriň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini we ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdaky mümkinçiliklerini belledi.

Netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gatnaşyklarynyň giň ugurlardaky meseleleri boýunça hem özara pikir alyşdylar.

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022