Türkmenistanda ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurduň ähli sebitlerinde 850 sany göçme söwda nokady dörediler. Bu barada Hökümetiň söwda toplumy we dokma senagaty boýunça wise-premýeriň wezipesini ýerine ýetirji Nökerguly Atagulyýew Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde mälim etdi.
Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki bazarlarda we söwda nokatlarynda 5-nji dekabrdan başlap, baýramçylyk söwdalary badalga alar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany ilatyň gerek bolan önümleri amatly ýagdaýda alyp bilmekleri üçin bazarlary we dükanlary azyk harytlary, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri, ir-iýmişler bilen ýeterlik üpjün etmegi, göçme söwda nokatlaryny gurnamagy tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан