Türkmenistanyň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) korporasiýasy bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga rugsat aldy.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Bu resminama türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmäge hem-de goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen energetika hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilendir.
Mundan öň, Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” energetika kompaniýasynyň Baş direktory Abdul Bari Omaryň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana sapar etdi. Saparyň barşynda Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek meseleleri, şol sanda 2025-nji ýyldaky şertler we iberiliş möçberleri maslahatlaşyldy.