Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Aşgabatda Halkara Gyzyl Haç komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar 2025-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň, şol sanda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin halkara ynsanperwer hukugy boýunça okuw sapaklaryň we leksiýalaryň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar berýär.
Taraplar milli kanunçylyga halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylyşyna aýratyn üns çekip, HGHK-niň sebitde, şol sanda Türkmenistanda alyp barýan işlerini maslahatlaşdylar.
Şol gün ministr Raşid Meredow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýerine ýetiriji direktory Natalýa German bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda guramanyň wekiliýetiniň 9 – 13-nji dekabr aralygynda dowam eden saparynyň deslapky netijelerine garaldy. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky kararnamasynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilişine baha bermegiň jemleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meselesi boldy. Şu gezekki sapar mundan öň 2017-nji ýylda amala aşyrylan soňky sapardan bäri gazanylan sepgitleri seljermäge we ozal beýan edilen maslahatlary durmuşa geçirmekde kabul edilen çärelere baha bermäge gönükdirilendir.
Ministr R.Meredow terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara borçnamalaryna Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklap, bu ugurdaky tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi. Sebit howpsuzlygyny berkitmekde we terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde Türkmenistanyň goşýan goşandyny maslahatlaşmak duşuşygyň möhüm ugry boldy.
Taraplar terrorçylyga garşy göreşmegiň gurallaryny kämilleşdirmek, bu ulgamda halkara kadalary we ölçegleri durmuşa geçirmek ýaly geljekki işleriň esasy ugurlaryny hem kesgitlediler. Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara bileleşiginiň işine işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň howpsuzlygy üpjün etmekdäki tagallalary dünýä giňişliginde ýokary baha eýe bolýar.