Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamyrdowyň hem “John Deere” kompaniýasynyň GDA ýurtlary boýunça wise-prezidenti Piter Sasegiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Gepleşikler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen türkmen-amerikan işewürler maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy üçin häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny we tehnologiýalaryny iberemgiň geljegine garadylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, duşuşykda ýurduň oba hojalygynyň we önüm öndürmekligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.
Piter Sasek hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň uly geljeginiň bardygyny nygtap, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki tarap üçin möhüm ähmiýete eýedigine ynam bildirdi. B.Annamämmedow öz gezeginde oba hojalyk tehnikalarynyň parkynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň we oba hojalyk toplumyny durnukly ösdürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýetlidigini belledi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda hünärmenleri okatmak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk çärelere seretdiler. Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmeginiň Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmekde möhüm goşant boljakdygy bellenildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen türkmen-amerikan işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň hem “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýadaky maksatnamalar boýunça baş wekili bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar oba hojalyk tehnikalaryny döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we daýhanlar üçin şertleri gowulandyrmak meselelerini maslahatlaşdylar.
Oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda ýokary hilli oba hojalyk tehnikalaryny we tehnologiýalaryny ibermegiň hem-de Türkmenistanyň oba hojalygyna innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň oba hojalygyny durnukly ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletleýin taslamalara hem aýratyn üns berildi.
ABŞ-nyň “John Deere” transmilli kompaniýasy oba hojalyk, gurluşyk we tokaý hojalygynyň tehnikalaryny öndürýän dünýäde iri kompaniýalaryň biridir. Jon Dir tarapyndan 1837-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa oba hojalygy üçin öndürýän önümleri, şol sanda traktorlary, kombaýnlary, ekiş we topragy gaýtadan işleýän dürli enjamlary bilen giňden tanalýar. Kompaniýa tokaý hojalygy we gurluşyk pudagy üçin enjamlary öndürip, oba hojalygyny dolandyrmagyň tehnologiýalary babatda çözgütlerini hödürleýär.