Daşkentde Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýy açyldy

BT
Daşkentde Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýy açyldy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 27-nji dekabry, Daşkent, Özbegistan

Täze ýylyň öňüsyrasynda ýagny, 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Dabara daşary işler ministriniň orunbasary Ahemt Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistanistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Özbegistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ýurduň dürli ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, žurnalistler, Özbegistanda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

“Döwlet Gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan üç gatly döwrebap binada ýokary hilli serişdeler, häzirki zaman aşhanalar, amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän ulgamlar ornaşdyrylan 12 sany oňaýly öýleri özünde jemlýär. Onuň çäginde çagalar üçin oýun meýdançalary we ýaşaýjylaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ýerler göz öňünde tutulypdyr.

Dabara gatnaşyjylar daşary syýasat edarasynyň işgärleriň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy baradaky üns-aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana saparynyň dowamynda daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşyk geçirdi. Diplomatlar ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ýokary derejede yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meselelerine, şeýle hem sebit we halkara meselelerine garadylar. Geljek ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalary barada hem durlup geçildi.

2022