Türkmenistan BMGÖM bilen inçekesele garşy göreşmek boýunça täze taslama girişýär

BT
Türkmenistan BMGÖM bilen inçekesele garşy göreşmek boýunça täze taslama girişýär
Barlaghanada barlagyň geçirilişi, Türkmenistan

Türkmenistanyň Hökümeti “Ählumumy gaznanyň maliýeleşdirmeginde Türkmenistanda inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnama geçiş” atly inçekesele gözegçilik etmek boýunça täze taslamany işe girizýändigini yglan etdi. Bu taslama BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanjak we 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket etjek taslama AIW, inçekesel we gyzzyrma kesellerine garşy göreşmek boýunça Ählumumy gaznanyň maliýeleşdirmeginde 6,2 million dollardan gowrak býujete eýedir. Bu başlangyjyň essasy maksady 2027-nji ýyla çenli içerki maliýeleşdiriş işine geçmek arkaly inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamanyň uzakmöhletleýin durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Taslama çetki ilatly ýerlerde “GeneXpert” ýaly anyklaýyş enjamlarynyň elýeterliligini gowulandyrmaga, sanly çözgütleri ornaşdyrmaga, şeýle hem göni gözegçilikdäki bejeriş usullary arkaly näsaglaryň zerur bolan derman serişdelerine we hyzmatlaryna elýeterligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Derman serişdelerine durnukly inçekeseli bejermegiň has gysga we netijeli ýollaryny ornaşdyrmak taslamanyň esasy ugruny emele getirýär. Munuň özi bejeriş görkezijilerini ýokarlandyrmaga we bejerişiň ykdysady netijeliligini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Grant gökmünde berilýän bu taslama Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriler.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bu taslamanyň ýurduň ilatyň saglygyny goramak we içerki maliýeleşdirme işine doly geçmek meselelerine ygrarlydygyny görkezýändigini belledi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň öz wagtynda we ýokary hilli lukmançylyk kömegine elýeterliligi gowulandyrmak arkaly inçekesel howpuny azaltmakda öňdeligi işjeň eýeleýändigini belledi.

Türkmenistan öňüni alyş we bejeriş ulgamyndaky netijeli syýasatynyň hem-de dolandyryş strategiýalarynyň hasabyna inçekesele garşy göreşmekde uly üstünlikleri gazandy. 2010-njy ýyldan bäri Ählumumy gazna maksatnama 37 million dollardan gowrak serişdeleri maýa goýdy, Türkmenistanyň Hökümeti bolsa öz maliýe gatnaşygyny 2016-njy ýyldan bäri yzygiderli ýokarlandyryp gelýär.

2022