Aşgabat şäherinde 30-dan gowrak maşgala täze öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Täze jaý Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenilip guruldy.
Raýatlar üçin amatly durmuş şertlerini döretmek, onuň derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.
Ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy medeni çäreler bilen utgaşdy. Täze jaýyň öýlerinde ähli şertler göz öňünde tutulyp, binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, ýolagçylar üçin geçelgeler, suw üpjünçilik ulgamlary we gök zolaklar döredilipdir.
Bu taslama Türkmenistanyň durnukly ösüşini we ykdysady kuwwatyny görkezmek bilen, ilatyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş başlangyçlaryny berkidýär.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 61