Täze ýylyň ilkinji gününde Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkezinde Türkmenistanda 2025-nji ýylda ilkinji bolup oglan bäbejik dünýä indi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Täze Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygarynyň hormatyna oglanjyga Parahat diýip at goýdular. Onuň agramy 4100 grama, boýy 54 santimetre deňdir. Çagajygyň we onuň ejesiniň saglyk ýagdaýlary kanagatlanarly, olaryň ikisi hem özlerini gowy duýýarlar.
Täze doglan bäbejigiň maşgalasyna gutlagyň we rowaçlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Bu şatlykly pursat Täze ýyl bilen utgaşyp gelen ýagşy arzuwlaryň we parahatçylygyň nyşany boldy.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56