2024-nji ýylyň 9-njy dekabryndan Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary bilim hakyndaky diplomlaryny ykrar etmegiň täzelenen tertibi güýje girdi. Ondaky üýtgeşmeler esasan hukuk hünärlerine degişlidir diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Täze girizilen üýtgeşmeler hukuk hünärleri boýunça bilim alanlardan goşmaça okuwlary, uzak aralykdan öwrenmek ukyplarynyň barlanylmagyny we täze Döwlet synag toparyny göz öňünde tutýar. Hukuk okuw maksatnamasy boýunça okuwlary tamamlanlar Bilim ministligi we Adalat ministrligi trapyndan işlenilip taýýarlanylan üç aýlyk okuwlary geçmäge borçludyrlar.
Adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli okuwlaryny onaýn görnüşde geçen talyplar elekton bilim tehnologiýalary babatda öz başarnyklaryny görkezmelidirler. Ýokary kazyýet we hukuk goraýjy edaralaryň wekillerini öz içine alýan ýörite topar hukuk bilimini alanlaryň bilim derejesine baha bererler.
Bu çäreler Türkmenistanda hukuk biliminiň derejesini ýokarlandyrmaga we bu ugurda ýokary bilim alanlaryň milli kanunçylyk babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан