ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda geçiriljek “UFC 311” ýaryşy 18-nji ýanwardan 19-na geçilýän gijede Belet-video” türkmen mediýa platformasynda tomaşa etmäge elýeterli ediler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Ýaryş Aşgabat wagty bilen sagat 4:00-da “Match Fighter” we “Setanta Sports 1” sport teleýaýlymlarynda ýaýlyma berlip başlanar.
Ýaryşyň esasy wakasy ilkibaşda ýeňil agramdaky çempion Islam Mahaçýew bilen Arman Sarukýanyň arasynda gaýtalama tutluşygy hökmünde meýilleşdirilipdi. Muňa garamazdan, A.Sarukýan lukmançylyk görkezijileri bilen söweşden resmi taýdan aýryldy. “UFC-niň” prezidenti Dana Uaýt I.Mahaçýew bilen tutluşykda A.Sarukýanyň ýerine braziliýaly türgen Renato Moýkanonyň çykýandygyny yglan etdi.
Şu waka bilen ugurdaş has ýeňil agramda Gruziýadan Merab Dwalişwili Russiýadan ýeňilmezek türgen Umar Nurmagomedow bilen duşuşar.
Goşmaça özüne çekiji tutlyşyklar Ýari Prohazkiniň Jamahal Hill, Jeýlton Almeýdunyň Sergeý Spiwako hem-de Kewin Hallendiň Reýniýer de Ridder bilen duşuşyklaryny öz içine alar.