Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda serhetýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy

BT
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda serhetýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffari bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwary, Horasan-Rezawi, Eýran (Surat: turkmendemiryollary.gov.tm).

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffari Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda serhetýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar. Bu duşuşyk ýekşenbe güni Horasan-Rezawi welaýatynyň häkiminiň edarasynda geçirildi diýip, “Türkmendemirýollary” agentliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda Ruzbehani Horasan-Rezawiniň serhet geçiriş nokatlarynyň iki ýurduň arasynda möhüm derweze hökmünde ösüş üçin has uly kuwwatlyklara eýedigini belledi.

Häkim Golamhosseýn Mozaffari telekeçileriň we söwda wekilleriniň hereketini ýeňilleşdirmek üçin Sarahs serhet geçiriş nokadyny döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny hem-de sebitiň serhet nokatlaryny dolandyrmagyň bitewi ulgamyny ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Ruzbehani iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda täze ugurlary ösdürmäge bolan meýillerini beýan etdi we Türkmenistanyň Eýran üçin geljegi uly bazarlaryň biri bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistan bilen Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasyndaky serhediň umumy uzynlygy 532 kilometre barabar bolup, ol goňşy ýurduň Kuçan, Dergez, Kelat, Serahs we Salehabad etraplarynyň üstünden geçýär.

2022