Donald Tramp ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde wezipä resmi taýdan girişdi

BT
Donald Tramp ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde wezipä resmi taýdan girişdi
Donald Trampyň wezipä girişmek dabarasy, 2025-nj ýylyň 20-nji ýanwary, Waşington, ABŞ (Surat: АР)

Donald Tramp ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde kasam kabul edip, wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge girişdi. D.Trampyň wise-prezidenti Jeý Di Wensiň kasam kabul etmegi bilen başlanan wezipä girişmek dabarasyna soňlugy bilen Prezident hem goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Şeýle dabaralaryň däp boýunça geçirilýän ýeri bolan Kapitoliýanyň basgançaklarynda däl-de, bu binanyň içinde – gümmezli rotond zalynda geçirildi. Sowuk howa sebäpli şeýle çözgüt kabul edildi. Dabaranyň geçirilýän ýeriniň üýtgeýändigi barada Tramp üç gün öňünden habar berdi.

Resmi dabaranyň öňüsyrasynda Tramp we onuň aýaly Melaniýa “Ak tamy” terk edýän Jo Baýdeniň maşgalasy bilen çaý başynda söhbetdeş boldy. Prezidentleriň çalyşýan wagtynda geçirilýän bu duşuşyk däp bolan çäreleriň bir bölegi bolup durýar.

2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda tamamlanan ABŞ-nyň Prezident saýlawlary garşydaşy Kamala Harrisden ses köplügi boýunça öňe saýlanan Donald Trampa ýeňiş getirdi. Şol wagtky Prezident Jo Baýden saýlaw möwsümine gatnaşmagy dowam etmezlige karar berenden soň, Demokratik partiýadan dalaşgär hökmünde Kamala Harris hödürlenilipdi. D.Tramp “Ak tama” ikinji gezek dolanyp gelýär. Onuň ýurda ilkinji prezidentlik döwri 2017 – 2021-nji ýyllar aralygynda dowam etdi.

2022