TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit ýol bitumy uly islege eýe boldy

BT
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit ýol bitumy uly islege eýe boldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe günündäki söwdalaşyklarynda bahasy 10 million manada barabar bolan “BND 60/90” görnüşli nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Ýerli telekeçiler şeýle hem 2 million 138 müň 400 manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi 19 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

2022