Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” toparyny Monte-Karlodaky festiwalda gazanan ýeňşi bilen gutlady

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” toparyny Monte-Karlodaky festiwalda gazanan ýeňşi bilen gutlady
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalyndaky çykyşy, 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwary, Monte-Karlo, Monako (Surat: Monaco Info)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyny Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş edip, gazanan ýeňşi bilen “gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Ahalteke bedewleri bilen çykyş eden topar festiwalyň baş baýragyna mynasyp bolup, bu atlaryň ajaýyplygyny we çapyksuwarlaryň ussatlygyny ýene-de bir gezek dünýä äşgär etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow topar agzalary bilen bolan duşuşygyna sözlän sözünde bu üstünligiň türkmen sungatynda ýetilen, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni dialogy berkitmekde möhüm sepgitdigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň we halkyň medeni mirasynyň nyşanydygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” toparynyň geljekde hem türkmen atçylyk sungatyny şöhratlandyrjakdygyna we ýurduň dünýäde tanalmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalaryna berk jan saglyk, rowaçlyk we dünýä giňişliginde täze ýeňişleri arzuw etdi.

2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary gaýtalanmajak çykyşlary we ahalteke atlarynyň üstünde ýerine ýetirilýän çylşyrymly emelleri bilen halkara giňişlikde özüni giňden tanatdy. Geçen ýyllarda toparyň agzalary halkara sirk sungaty festiwallarynyň baş baýraklaryna 5 gezek mynasyp bolup, dünýäniň ýeňijisi diýen ada eýe boldy.

2022