Türkmenistanda bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby we hukuk goraýjy edaralara degişli birnäçe täze desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalaryny açdy. Hususan-da, bu desgalar Ahal welaýatynyň Sarahs, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew we Köýtendag hem-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplaryndaky polisiýa bölümleriniň degişli toparlary üçin guruldy.
Täze merkezlerde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny, şol sanda dolandyryş, hasaplaýyş we ýagtylandyryş ulgamlaryny ekologiýa talaplaryna laýyklykda barlamak üçin niýetlenilen döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr. Polisiýa işgärleri olaryň kömegi bilen ýolagçy we ýük ulaglaryň saklaýyş ulgamlaryny barlap bilýärler. Bu enjamlar halkara ölçeglere laýyk gelýändir. Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan alnyp baryldy.
Mundan başga-da, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Daşoguz welaýatynda harby gulluk edarasynyň ýanynda harby gullukçylar üçin täze ýaşaýyş jaýy açyldy. Onuň desgalary Türkmenistanyň Milli howpszulyk ministrliginiň buýurmasy bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki “Demirbetonönümleri” kärhanasy tarapyndan guruldy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat müdirliginiň Kerki etrabyndaky bölüminiň binasyny döwrebaplaşdyrmak işleri “Rysgally zähmet” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Täze ulanylmaga berlen binada ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar we kompýuter enjamlary gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrdy.
Harby gullukçylar we raýatlar täze desgalar üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dabaralaryň dowamynda desgalaryň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.