Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň penşenbe güni Aşgabat şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) Baş direktory Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallam bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň barşynda geňeşiň Baş direktory Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň sporty ösdürmekde Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýändigini belledi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, ýurduň sporty ilerletmekde, olimpiýa hereketini ösdürmekde we halkara derejeli türgenleri taýýarlamakda uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny nygtady we myhmanyň şu saparynyň özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Taraplar Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryny, şol sanda bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerini maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bütin dünýäde belli bolan bu sport hususan-da, ýaşlaryň saglygyny berkitmekde uly ähmiýeti bardyr.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde goşýan şahsy goşandy üçin geňeşiň Baş direktoryna minnetdarlyk bildirdi.