Aşgabatda IIM-niň işgärleri üçin 90-dan gowrak kottej jaý açyldy

BT
Aşgabatda IIM-niň işgärleri üçin 90-dan gowrak kottej jaý açyldy
Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 23-nji ýanwary (Surat: Watan habarlary)

Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 90-dan gowrak kottej jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin niýetlenilen Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş toplumynyň  nobatdaky tapgyry boldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Kottej jaýlarynyň giň we oňaýly otaglarynda, döwrebap aşhanalarynda, abadanlaşdyrylan howlularynda döredilen ähli amatlyklar rahat durmuş şertlerini üpjün edýär.

Bu desgalaryň açylyş dabaralaryna harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, gullugyň weteranlary we hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Şeýle hem şol gün Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Merkezi ýangyn aragatnaşyk-wideogözegçilik nokadynda ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar, şol sanda gözegçilik üçin uçarmansyz enjamlar, ýangynlaryň öňüni almak üçin ýöriteleşdirilen ulag serişdeleri görkezildi.

Gurluşyk serişdeleriniň ýangyna durnuklylyk derejesini synagdan geçirmäge niýetlenen döwrebap enjamlar ornaşdyrylan merkez toplumyň möhüm düzümini emele getirýär. Bu täzelik ýokary hilli we howpsuz gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna ýardam eder.

Synag bekedi, suw howdany, awtoduralgalar we ýaşyl zolaklar bu çägi ekologiýa talaplaryna laýyk derejä getirip, işgärler üçin amatlyklary döredýär. Dabarada adatdan daşary ýagdaýlaryň dörän ýagdaýynda tiz baş çykarmaga ýardam edýän ýangyn söndüriji awtoulaglar hem tanyşdyryldy.

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň dürli ýerlerinde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň birnäçe täze desgalarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

2022