2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna bolsa Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Işikawa Masaki başlyklyk etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň meselelerini maslahatlaşyp, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Öňde boljak “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” sammitine we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň başlangyçlaryny ilerletmegiň ugurlaryna aýratyn üns çekildi.
Geçirilen gepleşikler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda nebitgaz, ulag we energetika ulgamlaryndaky taslamalary öz içine aldy. Gatnaşyjylar ykdysady gatnaşyklary utgaşdyrmakda bilelikdäki komitetiň eýeleýän möhüm ornuny nygtadylar.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Osaka şäherinde “EKSPO-2025” bütindünýä sergisine gatnaşmak, onuň çäreleriniň çäklerinde ýurduň Milli gününi geçirmek meselelerine garaldy.
Ahmet Gurbanow Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fudzii we “Itochu Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdi.