TDHÇMB

Türkmenistanda “Parahatçylyk we sport” atly halkara maslahaty geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

BT
Türkmenistanda “Parahatçylyk we sport” atly halkara maslahaty geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Fransiýadaky we Monakodaky Ilçisi Maksat Çaryýewiň “Parahatçylyk we sport” atly halkara guramasynyň prezidenti Žoel Buzu bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwary, Pariž, Fransiýa (Surat: Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy)

Sişenbe güni Pariž şäherinde Türkmenistanyň Fransiýadaky we Monakadaky ilçisi Maksat Çaryýewiň hem-de “Parahatçylyk we Sport” halkara guramasynyň ýolbaşçysy Žoel Buzunyň özara duşuşygy geçirilip, onuň barşynda guramanyň halkara maslahatyny Türkmenistanda geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2025-nji ýylda “Parahatçylyk we Sport” guramasynyň çärelerine Türkmenistanyň gatnaşmak mümkinçiliklerine garadylar.

Taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19 – 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, parahatçylygyň guraly hökmünde sporty ilerletmäge we halkara dialogy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary ösdürmekde tagallalary etjekdiklerini tassykladylar.

2007-nji ýylda esaslandyrylan hökümete degişli bolmadyk “Parahatçylyk we Sport” halkara guramasy öz işinde parahatçylygy, durnukly ösüşi we durmuş goraglylygyny ilerletmegiň möhüm guraly hökmünde sportuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar.

Fewral 22, 2025