Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Grafiki bezeg we çaphana býurosy dollar banknotlarynyň galp ýasamakdan goraglylyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň daşky görnüşlerini täzelemegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çaşenbe güni habar berdi.
Daşky görnüşi ilkinji bolup täzeleniljek 10 dollarlyk banknot pullar 2026-njy ýylda dolanyşyga giriziler.
2028-nji ýylda $50-lik, 2030-njy ýylda bolsa $20-lik banknotlaryň täze tapgyry goýberiler. 2032-nji ýylda täze üýgeşmeler $5-liklere hem giriziler. 2034-nji ýylda bolsa täze görnüşli 100 dollarlyk banknotlar dolanyşyga giriziler.
Dollarlaryň daşky görnüşindäki şeýle üýtgeşmeler tapgyrlaýyn esasda yzygiderli geçirilýär. Şeýle işler soňky gezek 1990-njy ýyllarda, 2004 we 2013-nji ýyllarda amala aşyrylypdy.