TDHÇMB

Türkmenistan bilen Monako haýyr-sahawat we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär

BT
Türkmenistan bilen Monako haýyr-sahawat we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär
Türkmenistanyň Fransiýadaky we Monakodaky ilçisi Maksat Çaryýew bilen Monakonyň diplomatik we konsullyk gatnaşyklary boýunça direktory Mari-Katrin Karuzo-Rawera, 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwary, (Surat: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Fransiýadaky we Monakodaky ilçisi Maksat Çaryýew 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy möhüm ugurlarda, şol sanda sport we haýyr-sahawat ulgamlarynda berkitmek maksady bilen Monakonyň diplomatik we konsullyk gatnaşyklary boýunça direktory Mari-Katrin Karuzo-Rawera bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda “Parahatçylyk we Sport” gaznasy arkaly hyzmatdaşlyga hem-de öňde boljak çärelere we mümkin bolan bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi. Taraplar haýyr-sahawat, durmuş goldawy we çagalara ýardam bermek boýunça maksatnamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Monakonyň Şagyzy Greýsiň we Şazada Alber II-niň gaznalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşmalaryň esasy özenini düzdi.

Bu duşuşyk Türkmenistan bilen Monakonyň arasyndaky gatnaşyklaryň, hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurabnguly Berdimuhamedowyň saparyndan we “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlodaky 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşmagyndan soň möhüm häsiýete eýe bolandygyny görkezýär.

Geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Monakonyň arasyndaky netijeli dialogyň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigi tassyklanyldy.

Golaýda Maksat Çaryýew Türkmenistanda halkara maslahaty geçirmegiň guramaçylyk derejesini maslahatlaşmak üçin “Parahatçylyk we Sport” guramasynyň ýolbaşçysy bilen hem duşuşdy.

Fewral 22, 2025