Türkmenistan Merkezi Aziýada durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

BT
Türkmenistan Merkezi Aziýada durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Derýa Soýsalyň Germaniýanyň “Kanal Avrupa” teleýaýlymyna interwýusy, 2025-nji ýylyň 2-nji fewraly (Surat: Derýa Soýsal)

Türkmenistan Merkezi Aziýada durnuklylygy we sebit hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär diýip, Belgiýanyň “Diplomatic World” institutynyň agzasy, “Bruxelles Korner” gazetiniň habarçysy, daşky gurşaw boýunça we Merkezi Aziýanyň taryhyna ýöriteleşen garaşsyz bilermen Derýa Soýsal Germaniýanyň “Kanal Avrupa” teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.

Sebit parahatçylygyna ýardam bermekde Türkmenistanyň eýeleýän orny barada aýtmak bilen, Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy bilen bagly meseleleri kadalaşdyrmakda, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ösdürmekde ýurduň goşýan goşandyny belledi. Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamaga gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedir diýip, Derýa Soýsal bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiri habar berdi.

D.Soýsal Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy barada durup geçdi. Onuň belleýşi ýaly, munuň özi dialogyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam eder. Şeýle hem howpsuzlyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde 2024-nji ýylda 15 ýyllygy bellenilen Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň ähmiýeti bellenildi.

Sebitiň ykdysady ösüşine ýardam etjek we parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrjak TOPH gaz geçiriji taslamasyna aýratyn üns çekildi.

D.Soýsal şeýle hem halkara giňişlikde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ünsüň barha artýandygyny belledi. Onuň bellemegine görä, täze ykdysady we energetika wehimleri ýaly dünýä derejesindäki üýtgeşmeler sebit ýurtlarynyň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini şertlendirýär. Munuň özi özara bähbitli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

2022