Türkmenistanyň ilçisi “Tabani Group”-yň ýolbaşçylary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
Türkmenistanyň ilçisi “Tabani Group”-yň ýolbaşçylary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň (sagdaky) Pakistanyň “Tabani Group” kompaniýasynyň direktory Hatim Ýakub Tabani (çepdäki) bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 4-nji fewraly, Yslamabat, Pakistan (Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow sişenbe güni Yslamabat şäherinde Pakistanyň “Tabani Group” kompaniýasynyň başlygy Humza Ýakub Tabani we ýerine ýetiriji direktory Hatim Ýakub Tabani bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda dürli ulgamlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, diplomat öz ýurdunyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň esasy mazmuny bilen tanyşdyrdy.

“Tabani Group” kompaniýasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň halkara derejede ýokary ähmiýete eýedigini nygtap, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

1981-nji ýylda döredilen “Tabani Group” bahasy $1 milliardan we ählisiniň meýdany 10 million inedördül futdan gowrak bolan söwda, myhmanhana we ýaşaýyş jaý desgalary bolan iri ösüş kompaniýasydyr.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022